HIMIÝA DERSINDEN IV HALKARA OLIMPIÝADASYNYŇ ÝEŇIJISI

  2025- nji ýylyň    oktýabr aýynyň  15-17-ni  aralygynda Magtymguly  adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Himiýa dersinden  IV halkara olimpiýadasyny  geçirdi.Olimpiýada şahsy görnüşde A hem-de B derejeler boýunça geçirilip, A derejede himiýa hünäri boýunça okap bilim alýan talyplar, B dereje boýunça beýleki hünärlerde okaýan talyplar özara bäsleşdiler. Şeýlelikde, A dereje boýunça baýrakly orunlaryň 63-si kesgitlenip, şolardan ýeňijileriň 14-si birinji, 17-si ikinji, 32-si üçünji orunlara mynasyp boldular. Bu olimpiýada-da Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk inistitutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” hünäriniň 4-nji ýyllyk talyby Begençmuhammedow Niýazmuhammet baýrakly ikinji orna, Kümüş medala mynasyp bolup, öz talyp ýoldaşlarynyň arasynda uly abraýa eýe boldy.