Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetinde nazary mehanika dersi boýunça içki Olimpiada geçirildi

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 16-na Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetinde nazary mehanika dersi boýunça içki olimpiada geçirildi. Olimpiada institutda okaýan talyplaryň birnäçesi gatnaşyp, olar nazary mehanika dersine degişli dürli bölümler boýunça meseleleri we test soraglaryny çözmäge işjeň gatnaşdylar. Nazary mehanika dersinden içki olimpiadanyň geçirilmegi birnäçe zehinli talyplaryň ukyp başarnyklarynyň ýüze çykmagyna ýardam edýär. Olimpiada emin agzalary hökmünde Inžener-mehanika fakultetiniň okuw-usuly geňeşi we “Amaly mehanika” kafedrasynyň mugallymlary gatnaşdylar. Olimpiada örän çekeleşikli geçip, talyp ýaşlar nazary hem-de amaly tarapdan öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezdiler. Içki olimpiadanyň ýeňijileri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, döwlet derejesinde nazary mehanika dersinden olimpiadalara gatnaşmaga hukuk gazanarlar.