Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetinde fizika dersi boýunça içki Olimpiada geçirildi

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 16-na Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetinde fizika dersi boýunça içki olimpiada geçirildi. Olimpiada institutda okaýan talyplaryň birnäçesi gatnaşdy. Talyp ýaşlar formulalar arkaly fizika dersine degişli dürli ugurlar boýunça meseleleri we test soraglaryny çözmäge gatnaşdylar. Fizika dersinden içki olimpiadanyň geçirilmegi birnäçe zehinli talyplaryň ukyp başarnyklarynyň ýüze çykmagyna ýardam edýär. Olimpiada emin agzalary hökmünde Inžener-mehanika fakultetiniň okuw-usuly geňeşi we Fizika kafedrasynyň mugallymlary gatnaşdy. Olimpiada örän çekeleşikli geçip, talyp ýaşlar nazary hem-de amaly tarapdan dürli meseleleri çözmäge işjeň gatnaşdylar. Içki olimpiadanyň ýeňijileri ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, döwlet derejesinde fizika dersinden olimpiadalara gatnaşmaga hukuk gazanarlar.