Belarus milli tehniki uniwersitetiniň wekilleri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda boldular

“Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” oktýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşmaga gelen Belarus milli tehniki uniwersitetiniň Halkara hyzmatdaşlyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary Daşkewiç Olga we Belarus milli tehniki uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmeni Anna Nogaç Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda myhmançylykda bolup, institutyň professor-mugallymlary  we talyp ýaşlary bilen duşuşdylar.  


TDBGI


Duşuşygyň barşynda Belarus milli tehniki uniwersitetiniň Halkara hyzmatdaşlyk fakultetiniň dekanynyň orunbasary Daşkewiç Olga Belarus milli tehniki uniwersitetde  we institutda ylym-bilimi kämilleşdirmek  boýunça alnyp barylýan işler hem-de tejribeler barada giňişleýin  çykyş etdi. 

Daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bilen ikitaraplaýyn ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler, geçirilýän çäreler dogrusynda belläp geçdi. 

Duşuşykda institutyň professor-mugallymlary myhmanlar bilen ylym-bilim ulgamynyň dürli ugurlary we Belarus milli tehniki uniwersitetiniň tejribeleri boýunça sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.


TDBGI


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Belarus milli tehniki uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň çäklerinde iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylym-bilimi kämilleşdirmek boýunça bilelikde işler alyp barmak barada maslahatlaşyldy. 


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
Ylym bölümi