I.Karimow adyndaky Daşkentiň tehniki uniwersitetiniň dosentleri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda myhmançylykda boldular

I.Karimow adyndaky Daşkentiň tehniki uniwersitetiniň dosentleri Nargiza Dalmuradowa we Dilnoza Pulatowa Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda myhmançylykda bolup, institutyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary bilen duşuşdy.


TDBGI


I.Karimow adyndaky Daşkentiň tehniki uniwersitetiniň dosenti Nargiza Dalmuradowa “Gaýtadan dikeldilýän alternatiw energiýa çeşmeleri” atly tema  boýunça umumy okuw sapagyny geçdi. Umumy okuw sapagyna wideoaragatnaşyk arkaly Türkmen döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.


TDBGI


Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek Gün şöhlesiniň, ýeliň, suwuň, tolkunlaryň energiýasyny, biomassany, tebigy ýangyç almak üçin ösdürilip ýetişdirilýän ýörite ösümlikleriň önümçiligi we ekologiýa zyýan ýetirmeýän çeşmelerden gözbaş alýan energiýa bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. 


TDBGI


N.Dalmuradowa bu ugurda alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri we “Gaýtadan dikeldilýän alternatiw energiýa çeşmeleri” boýunça tejribeleri barada gürrüň berdi. 

Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatdaky döwlet syýasaty milli we sebit maksatnamalarynyň çäklerinde daşky gurşaw üçin zyýansyz energetikanyň paýyny artdyrmak, bäsdeşlige ukyply energiýa ulgamlaryny ösdürmek we energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmak, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmagy üpjün etmek, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmaga döwlet goldawyny bermek bilen, bu pudagy ösdürmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmekde ilatyň saglygyny, zähmetini goramak wezipelerine esaslanýar. 

Umumy sapagyň barşynda institutyň mugallymlary we talyplary bilen myhmanlar ylym-bilim ulgamynyň dürli usullary boýunça sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.


Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölümi