Ylym-bilim ösüşleriň hereketlendiriji güýji

2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 15-ine Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň mugallymlary tarapyndan Aşgabat şäheriniň takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebinde göçme okuw sapagy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçlygynda ylym-bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar.

Ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilýär. Okuw sapagynda institutyň Inžener-mehanika fakultetinde alnyp barylýan işler, fakultetiň degişli hünärleri bilen tanyşdyryldy. Inženerleri taýýarlamakda fakultetiň ýeten sepgitleri barada gürrüň edilip, ýurdumyzyň energetika pudagy, ondaky gazanylan üstünlikler we döwletimiziň elektroenergetika kuwwaty barada maglumatlar berildi. 

Mekdep okuwçylary energetika ugrunda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri bilen tanyşdyryldy. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda energetika pudagynyň işini döwrebap derejede ýola goýmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Energiýanyň adaty däl çeşmeleri arkaly elektrik energiýasyny almak, elektrik energiýasynyň harçlanyşyny kadalaşdyrmak bilen bagly fakultetde alnyp barylýan işler mekdep okuwçylarynda uly gyzklanma döretdi.