“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen ýurdumyzyň bilim edaralarynyň arasynda ylym we bilim pudagynda işjeň hyzmatdaşlyk dowam edýär. 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň professor-mugallymlarynyň gurnamagynda okuw seminary geçirildi. Seminarda kafedranyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Şamuhammet Saryýew hem-de mugallym Şöhrat Durdyýew “Senagat desgalarynyň daşky gurşawa edýän täsirini azaltmak” temasy boýunça çykyş etdiler.
Bu seminaryň esasy maksady, senagat desgalarynyň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirlerini azaltmak, ekologik taýdan tämiz tehnologiýalaryň we inženerçilik çözgütleriniň orny bilen tanyşmakdyr. Seminarda, senagat pudagynyň döwrebap ösüşi we tehnologiýalaryň ösüşi bilen baglylykda, ykdysadyýetde we jemgyýetde ekologiýa babatynda ýüze çykýan meseleler barada pikir alyşmalar geçirildi.
Seminaryň ahyrynda, talyplar senagat desgalarynyň daşky gurşawyň hapalanmagynyň öňüni almak üçin ýokary hilli, arassa tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň orny barada giňişleýin pikir alyşdylar. Talyplar, senagat pudagynyň ekologiýa taýdan arassa bolmagynyň jemgyýetiň we ykdysadyýetiň ösmekdeki orny bilen baglydygyny düşündiler. Şeýle hem, senagat ulgamlaryndaky tehnologiýalaryň täsiri, täze energiýa çeşmeleriniň ulanylmagy we howanyň täsiri babatynda täze çözgütleri işläp taýýarlamak üçin isleg bildirdiler.
Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge ekologiýa bilimi barada çuňňur öwrenmäge döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.