“Sanly ulgamda kompýuter grafikasynyň ähmiýeti” atly ylmy-amaly seminar

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda mugallymlaryň we talyplaryň hünär mümkinçiliklerini giňeltmek, ylmy tejribeleri paýlaşmak maksady bilen yzygiderli ylmy-amaly çäreler geçirilýär. Şol çäreleriň biri hökmünde 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasy tarapyndan “Sanly ulgamda kompýuter grafikasynyň ähmiýeti” atly ylmy-amaly seminar guraldy.


TDBGI


Seminar kafedranyň uly mugallymy Mamagül Täçmyradowanyň ýolbaşçylygynda geçirildi. Çärä fakultetiň professor-mugallymlary, mugallymlar we talyplar gatnaşyp, kompýuter grafikasynyň häzirki döwürde sanly taslamalary taýýarlamakdaky, inženerçilik we binagärlik çözgütlerini şekillendirmekdäki ähmiýeti barada gyzykly çykyşlar etdiler.

Seminaryň dowamynda gatnaşyjylar öz tejribelerine esaslanyp, kompýuter grafikasy ulgamynyň önümçilik we okuw prosesindäki orny, sanly modelirlemegiň mümkinçilikleri, häzirki zaman programma üpjünçiliginiň peýdalanylyşy ýaly mowzuklarda pikir alyşdylar. Şeýle-de, gatnaşyjylar tarapyndan berlen soraglara giňişleýin jogaplar berlip, ylmy-döredijilik pikir alyşmalar geçirildi.

Bu görnüşdäki ylmy-amaly çäreler mugallymlaryň we talyplaryň nazary we amaly taýýarlygyny pugtalandyrmaga, olaryň sanly tehnologiýalar boýunça düşünjelerini giňeltmäge hem-de täze maglumat ulgamlaryny okuw amalyýetine ornaşdyrmaga ýardam edýär.