Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip edilmegi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlary tarapyndan “Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk ulgamyndaky ähmiýeti” ady bilen 2025-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda geçirilen onlaýn açyk sapagyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar. Ussat diplomatyň Bitaraplyk ýörelgesiniň taryhy köklerini açyp görkezen maglumatlary örän täsirli boldy.