Saglyk güýçdir, ruh ýeňişdir.

Uniwersiadanyň çäklerinde, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 2-ne, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XV Uniwersiadanyň sport bäsleşikleri ýokary ruhubelentlikde dowam etdi. Ýaryşlara ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinden talyplar gatnaşyp, doganlyk, bäsdeşlik we arassa oýun ýörelgelerine eýerip, ýokary netije görkezmek ugrunda çykyş etdiler.

Ýeňil atletika görnüşi boýunça geçirilen bäsleşikler aýratyn gyzgalaňly ýagdaýda geçdi: türgenler uzak we gysga aralykda ylgamakda, sähelçe pursatda çözgüt ediji bolan synaglarda öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Bu derejeli ýaryşda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty abraýly üstünlik gazandy. Gyzlar ýygyndy topary netijeli we yzygiderli çykyşlaryň netijesinde umumy hasap boýunça I orun eýeläp, çempion boldular. Oglanlar ýygyndy topary hem jebis hereket edip, ýokary sport taýýarlygyny görkezdi we baýrakly III orun bilen sylaglanyldy. Institutymyzyň türgenleri şahsy görkezijilerini gowulandyrmak bilen bir hatarda, toparlaýyn tertipde birek-birege daýanyp, tälimçi-mugallymlaryň ussat ýolbaşçylygynyň netijesinde maksatlaryna ýetdiler.

Gazanylan bu üstünlikler Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň sport we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, talyp ýaşlaryň bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna şert döretmekde alyp barýan toplumlaýyn işleriniň miwesidir. Institut ýolbaşçylygy, professor-mugallymlar we talyp jemgyýeti ýeňijileri we baýrak alan toparlary tüýs ýürekden gutlaýarlar, olara geljekde hem täze üstünlikleri, täze derejeleri arzuw edýärler. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýygyndy toparlary öňde duran ýaryşlara has-da jogapkärli taýýarlyk görüp, ýurdumyzyň at-abraýyny has belende götermek ugrunda tutanýerlilik bilen zähmet çekmegi dowam ederler.


Taýýarlan: Talyplar sport kluby
“Bedenterbiýe” kafedrasynyň  mugallymlary