HALK HAKYDASY – MERTLIK MEKDEBI

Eziz Watanymyzda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Aşgabat ýertitremesi, ýagny 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralaýarlar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir. Nesilleriň bu agzybirligi we jebisligi häzirki türkmen jemgyýetinde mizemezdir. Halkymyza mahsus bolan ruhubelentlik bilen birlikde, şeýle jebislik ähli kynçylyklary, ýitgileriň yzasyny ýeňip geçmäge hemişe kömek edipdir. 


TDBGI


Hatyra güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy Fakultetiniň harby talyplary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň bir ajaýyp künjekleriniň biri bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna hem-de bu ýerde ýerleşýän «Watan mukaddesligi» muzeýine medeni gezelenç guraldy. Bu ýerde ýerleşdirilen muzeý gymmatlyklary bizde uly täsir galdyrdy. Çünki harby talyp ýaşlar Watanyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran ata­babalarymyzyň edermenligini we gaýduwsyzlygyny özlerine nusga edinýärler. Ömür ýoly türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň we borja wepalylygyň nusgasy bolan, ussat mugallym, ilhalar ynsan, edermen esger Berdimuhamet Annaýew baradaky muzeý gymmatlyklary, hususan hem Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenliklerini beýan edýän taryhy maglumatlar, uruş ýyllaryny beýan edýän suratlar we  ýazgylar harby talyp ýaşlary mukaddes watanymyza bolan söýgümizi hasda belende göterýär.


TDBGI


TDBGI


Instititymyzda Hatyra güninde geçirilýän çäreler parasatly pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini ýokarlandyrmagyň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi. Merdana ata-babalarymyzy hemişe ýatlap, olara tagzym etmegiň we sarpalamagyň nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sag bolsun aýdýarys!


Mukam AKMÄMMEDOW, 
TDBGI-niň Raýat goranyşy fakultetiniň
mugallymy, uly leýtenant.