Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda “Dӧwlet adam üçindir!” diýen şygary ýol-ýӧrelge edinip, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Ýaşulylaryň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaraly çäräniň dowamynda çykyş edenler ýaşulylaryň parasatly öwütleri, dana nesihatlary, gymmatly maslahatlary ýaş nesle terbiýe bermekde möhüm ornuň degişlidigini aýratyn nygtadylar.
Dabaranyň ahyrynda ýaşulylarymyza, mähriban enelerimize çäksiz hormatyň nyşany hökmünde institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasy tarapyndan taýýarlanylan sowgatlar gowşuryldy.
Berkarar döwletimizde alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.