2025-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň guramagynda «Temmäki we düzüminde nikotin bolan önümleriň saglyga ýetirýän zyýany” atly tema boýunça onlaýn açyk sapak geçirildi. Bu sapaga ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen birlikde, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary hem gatnaşdylar.