"Ýaşulularyň halkara güni" mynasybetli "Ýaşuly nesle belent sarpa" şygary bilen gurnalan tegelek stol

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, "Halkara parahatçylyk we ynanyşmak" ýyly mynasybetli, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi bilelikde "Ýaşulularyň halkara güni" mynasybetli "Ýaşuly nesle belent sarpa" atly tegelek stol söhbetdeşlik duşuşygyny gurnady.

Duşuşyga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň "Çyzuw we materiallaryň garşylygy" kafedrasynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow, "Suw, gaz we ýyllyk üpjünçiligi" kafedrasynyň müdüriniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi, tehniki ylymlaryň kandidaty, uly mugallym Sapargeldi Daňatarow, şeýle hem kafedranyň uly mugallymy Agamyrat Saparow gatnaşdylar.

Şeýle-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň "Altyn Asyr — Türkmenistan" teleýaýlymy tarapyndan duşuşyk yazga alyndy.

Duşuşygyň dowamynda ýaş nesliň agzybirligi, ýurdumyzyň parahatçylyk ýolunda gazanýan üstünlikleri, şeýle hem ýaşulularyň jemgyýetdäki orny we ýaşlara berýän gymmatly öwütleri barada gyzykly pikir alyşmalar boldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda gatnaşan myhmanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.