Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýokary bilime, ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegine aýratyn uly üns berilýär. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilýän dersden daşary okuw sapaklary hem talyplaryň tejribe taýýarlygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň «Senagat we raýat jaý gurluşygy» kafedrasynyň 5-nji ýyl «A» toparynyň talyplary üçin «Gelejegi gurujylar gurluşyk meýdançasynda» atly göçme okuw geçirildi. Okuw sapagy kafedranyň mugallymy Meýlis Nuryýewiň hem-de uly mugallym Ýazjamal Hojadurdyýewanyň ýolbaşçylygynda Täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasynda gurnaldy.
Göçme okuwyň dowamynda talyplar täze binalaryň gurluşyk işleri, gurluşyk serişdeleriniň saýlanylyşy we ulanylyşy, gurluşykda häzirki zaman tehnologiýalarynyň orny bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Şeýle-de gurluşyk meýdançasynda howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişi, gurluşyk işgärleriniň meýdançada alyp barýan işleriniň tapgyrlary, şeýle hem gurluşygyň ýerine ýetiriş tertibi barada düşündirişler berildi.
Mugallymlar tarapyndan görkezilen tejribe maslahatlar ýaşlaryň nazaryýet bilen tejribede utgaşdyrylmagynda, olaryň hünär taýýarlygyny has-da pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy. Şeýle okuw sapaklary talyplarda işjeňligi, gözýetimini giňeltmegi hem-de geljekde öz hünär ugrunda üstünlik gazanmak üçin zerur tejribäni ösdürmegi maksat edinýär.
Ýaşlar ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işlerine gyzyklanma bilen syn etdiler. Bu bolsa olaryň «gelejegi gurujy» hökmünde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde işjeň orny üpjün etjekdigini ýene bir gezek aýdyň görkezýär.