Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurluşyk Institutynyň Kompýuter Tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň umumy ýaşaýyş jaýyndaky talyplar bilen geçirilen wagyz-nesihat çäresi

Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurluşyk Institutynyň Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda talyplar üçin wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda tertip-düzgüni saklamak, tahýa geýmek, talyp biletini dakmak we edep-terbiýä laýyklykda özüňi alyp barmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Institytyñ Mugallymlary bu wagyz-nesihat çäresine  gatnaşan talyplara bu kadalaryň ähmiýeti, olaryň jemgyýetdäki orny we bilim-terbiýä edýän oňyn täsiri barada giňişleýin düşündiriş berdiler.

Bu çäre talyplaryň tertip-düzgüne we edep kadalaryna eýermäge bolan höwesini artdyrmak bilen birlikde, olaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen geçirildi. Şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň şahsyýet hökmünde kämilleşmegine we institutda tertip-düzgüniň berk saklanylmagyna ýardam edýär.

Taýýarlan: Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň mugallym - öwrenijisi Seitow Süleýman