Innowasion we sebitara hyzmatdaşlygyň çägine ösýän senagat we energetika pudagy

2025-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mejlisler zalynda “Senagatda we energetikada sebitara hyzmatdaşlygyň esasynda innowasion tehnologiýalaryň orny” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary özleriniň alyp barýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri boýunça çykyş etdiler.

Häzirki döwürde eziz Watanymyzda, milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat pudagy hem ýokary depginler bilen ösýär. Gurluşyk we senagat toplumynda innowasion önümçilikleri döretmek, iri senagat kärhanalaryny gurmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, ulgama sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak wezipeleri üstünlikli çözülýär. Ata-babalarymyzdan miras galan, milli binagärlik keşbinde döwrümiziň döredijilik ruhuny jemleýän täze, nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesi döredildi. Olaryň hatarynda bilim edaralary, sport desgalary, ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler, kaşaň myhmanhanalar, sport-sagaldyş, lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, ýokary tizlikli awtomobil ýollary, iri senagat-önümçilik toplumlary we beýleki binalardyr desgalar guruldy. Şeýle hem olaryň ençemesiniň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar.