Sport ýaryşynda talybymyzyň üstünligi

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr.


TDBGI_RGF


2025-nji ýylyň 10-16-njy sentýabry aralygynda Gresiýa Respublikasynyň Afiny şäherinde sportuň jiu-jitsu göreşi boýunça geçirilen “Balkan Open Championship 2025” atly halkara ýaryşynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygy ugrunyň 2-nji ýyl talyby Amanmyradow Annagurt baýrakly III orna mynasyp boldy.