Ýol gurluşygy fakultetinde  2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli  ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol guluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli  ylmy-amaly maslahaty geçirildi.


TDBGI_RGF


Fakultetiniň “Geodeziýa” kafedrasynyň uly mugallymy P.Bäşimow “Köpri gurluşygynyň geodeziki üpjünçiligi” atly tema boýunça çykyş edip, köpri geçirijilerini taslamagyň umumy düzgünleri, meýdan desgalaryny gözlemek, gurluşygyň meýdanyny saýlamak üçin inžener-geodezik gözlegler, köpri gurulmaly ýeriň iri masştably topografik planyny düzmek, köprüni topografik  planyň  ýüzüne  oturtmak, oklary  kenarlara  geçirmek  we  ýerinde  geodezik belgiler  bilen  berkitmek, uly  derýalaryň  üstünden uzyn we köp gerimli köprüleri  gurmagyň tehnologiýasy we onda ýerine ýetirilýän geodezik işler  barada talyplaryň dykgatyna ýetirdi.

Geçirilýän wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri häzirki wagtda Garaşsyz Bitarap Türkmenistandan döwletimizde talyp ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklygy gazanylýar. Şonuň netijesinde talyp ýaşlarymyzyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän derejede taslamalaryny ýerine ýetirmeklerini gazanmaklygy ýola goýmaklyk üçin şular ýaly ylmy – amaly maslahaty bilen öňki bar bolan maglumatlaryň üsti doldurylyp durulýar.