Ýol gurluşygy fakultetiniň “Gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalary öndürmek” hünäriniň 5-nji ýyl talyplary üçin guralan okuw önümçilik sapagy – olaryň nazary bilimlerini önümçilik bilen utgaşdyrmakda möhüm ädimleriň biridir.
Talyplar gurluşygy dowam edilýän institutymyzyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördüler. Okuw önümçilik sapagy, gurluşyk pudagynyň häzirki zaman ösüşlerine göz ýetirmek, döwrebap gurluşyk materiallarynyň we tehnologiýalarynyň ulanylyşyny, şeýle hem önümçilikde ulanylýan serişdeler bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen guraldy.
Önümçilik sapagyna gatnaşan talyplara gurluşyk meýdançasynda alnyp barylýan işler barada hünärmenler tarapyndan giňişleýin düşündirişler berildi. Talyplar gurluşyk meýdançasynda täze binalaryň gurluşygynyň tapgyrlary bilen tanyşdylar:
Şeýle hem gurluşykda howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Gurluşykda ulanylýan ýerli we import materiallaryň hiliniň we önümçiligiň ösüşiniň taslama üstünliklerine nähili täsir edýändigi barada tejribeli inženerler bilen pikir alyşdylar.