2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň "Binagärlik" kafedrasynyň mugallymy Sähedow Meredalynyň ýolbaşçylygynda 5-nji ýyl talyplary üçin meýilnamalaşdyrylan tejribe sapagy geçirildi.
Bu sapaga “Şäher gurluşygy we ilatly ýerleri meýilleşdirmek” hünärinde okaýan talyplar gatnaşdy. Tejribe sapagynyň maksady talyplara diňe bir nazary bilim bermek däl, eýsem häzirki wagtda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň gurluşygy we binagärlik aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdyrmak boldy.
Sapagyň dowamynda talyplar Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Ajap-gurluşyk” hususy kärhanasy tarapyndan bina edilýän täze, 5 müň orunlyk Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binasyna bardylar. Bu bina häzirki wagtda ýurdumyzyň iň iri gurluşyk taslamalarynyň biri bolup, onuň binagärlik çözgütleri hem-de içerki meýilnamalaşdyrylyşy aýratyn üns çekýär.
Talyplara gurluşygyň tapgyrlary, gurluşyk materiallarynyň aýratynlyklary, häzirki zaman binagärlik çözgütleriniň ähmiýeti we dünýä tejribesinde ulanylýan usullar barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle hem täze institut binasynyň bilim ulgamyndaky ähmiýeti, talyplar üçin dörediljek şertler we okuw meýdanlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.
Tejribe sapagy talyplaryň gyzyklanmalaryny artdyrdy, olaryň nazary taýdan öwrenen bilimlerini amaly ýagdaýda berkitmeklerine giň mümkinçilik açdy. Mundan başga-da, bu sapak geljekki binagärleriň hünär taýdan tejribe toplamagynda möhüm ähmiýete eýe boldy.