TALYP TÜRGENIMIZIŇ ÝEŇIŞI

Türkmenistanyň karatedo boýunça milli ýygyndysynyň türgeni, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Garamämmet Garamämmedow 2025-nji ýylyň 5–7-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şaoguan şäherinde sportuň karate-do görnüşi boýunça ýaşlaryň, ýetginjekleriň we 21 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda 60 kg agram derejesinde çykyş edip, III orny eýeledi.

Talyp türgenlere halkara hem-de döwlet derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!