Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiz tarapyndan ýurduň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan köp ugurly we uly möçberli maýa goýum işleri dünýä döwletleri tarapyndan giňden goldanylýar.
Häzirki wagtda bilim ulgamy döwlet syýasatymyzyň ileri görülýän pudagyna öwrüldi. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli 1-nji sentýabrda däp bolşy ýaly ýurdumyzda döwrebap ýokary okuw mekdebi, ýagny okatmagyň ähli döwrebap mümkinçiliklerini öz içine alýan Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ähli raýatlaryny begendirdi, depesini gök diretdi. Aslynda gurluşyk pudagyna ägirt uly üns berilmegi netijesinde durmuş, medeni, bilim (güýçli depginler bilen talaba laýyk gurulýan Türkmen döwlet binagarlik-gurluşyk institutynyň täze okuw binalar toplumlaryny buýsanç bilen mysal getirýäris), senagat we ulag düzümine degişli döwrebap desgalaryň yzygiderli gurulmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde kaşaň binagärlik toplumlary, täze etraplar we döwrebap obalar gurulýar. Bilim ulgamyna degişli bolan binalar hem yzygiderli açylyp ulanyşa tabşyrylýar. Olaryň ählisi täze döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen.
Arkadagly Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän bilim ulgamyndaky mümkinçiliklerinden peýdalanyp 30-nji iyuldan 28-nji awgusta çenli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Gozgalmaýan emäkleriň ekspertizasy we dolandyrylyşy” taýýarlygyň ugry 4-nji ýyl talyby Akgaýew Emir Guwanjowiç Germaniýa Respublikasynyň, Heidelberg şäherinde okuw maksady bilen “DAAD” alyş-çalyş meýilnamasy boýunça okuw sapaklaryna gatnaşdy.
Bu meýilnama 60 ýurtdan 580 talyp gatnaşdy. Okuw sapaklary öran tasirli gyzykly nemes dilinde geçirilip gatnaşan ýurtlaryň geografik ýerleşişi, taryhy, medeniýeti, sungaty, ylym-bilim mümkinçilikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
Okuw saparyň dowamynda beýleki döwletlerden gelen talyplar bilen tanyşmaga, maglumat alyşmaga, öz ýurdumuzyň medeniýetini, däp dessurlaryny wasp etmäge giň mümkinçilik boldy. Bir aýyň dowamynda geçirilen okuw sapaklar umumy, amaly, seminar sapaklar görnüşde guraldy. Ýurduň tebigaty, medeniýeti, taryhy bilen tanyşmaga giň mümkinçilik boldy. Şeýle okuw sapaklarynyň guralmagynda uly ähmiýeti bar, sebäbi biz dünýäniň ösen ýurtlary bilen gatnaşyk saklanymyzda gazanan üstünlikleri bilen tanyşýarys, öz ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikleri, netijeleri beýan edýäris.
Şu pursatdan peýdalanyp Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň belentliklere ýetmegini, ähli taraplaýyn rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
“Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş” kafedrasynyň uly mugallymy
S.Myradowa