Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmagy ýurdumyzyň sportunyň dünýä ýüzünde gazanýan üstünlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan sport syýasatynyň aýdyň ykrarnamasydyr.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Kartografiýa we geoinformatika” taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyby Burhanowa Selbi 2025-nji ýylyň 25-27-nji iýuly aralygynda tomusky dynç alyş döwründe sportuň dzýudo görnüşi boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda zenanlaryň arasynda 52 kg agram derejesinde çykyş edip III orny eýeledi.