“Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň mümkinçilikleriniň ähmiýeti” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanşymak ýylynyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNESKO-nyň Bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalar boýunça instituty bilen bilelikde “Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň mümkinçilikleriniň ähmiýeti” atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatda ÝUNESKO-nyň wekilleri, halkara bilermenleri, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary we mugallymlary öz çykyşlary bilen işjeň gatnaşdylar. Halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady emeli aňy milli we halkara derejedäki bilim platformalaryna ornaşdyrmak, şeýle hem bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri alyşmakdan ybarat boldy.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisiniň açylyş dabarasy we işi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi. Umumy mejlisiň işinden soňra maslahat öz işini bölümlerde dowam etdirdi. Maslahatyň “Emeli aňyň inklýuziw we ýokary hilli bilim bermekde tutýan ýeri” atly 1-nji bölümi Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we Informatika institutynda geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň 1-nji bölüminde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň “Diller” kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewa “Emeli aňyň daşary ýurt dillerini öwretmekde aýratynlyklary” atly tema bilen çykyş etdi, şeýle hem K. Allabaýewa bu maslahatda Mir-24 Russiýanyň abraýly telegepleşiginde we Türkmenistn – Tw-4 teleýaýlymynda bu halkara maslahatyň many-mazmuny barada interwýu berdi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň “Bilimi we okuwy dolandyrmakda emeli aňyň getirýän üýtgetmeleri” atly 2-nji bölümi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, “Mugallymlaryň we talyplaryň emeli aň boýunça başarnyklaryny ösdürmek” atly 3-nji we “Emeli aňyň şahsylaşdyrylan okuwlarda we bilim gurşawynda mümkinçilikleri we kynçylyklary” atly 4-nji bölümleri bolsa Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde üstünlikli geçirildi.