Dost - doganlyk köprüsi

Türkmenistanyň, Azerbeýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejedäki duşuşygy Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýylynyň 22-nji awgustynda geçirildi. Şol gün Azerbeýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iş sapary bilen Türkmenistana geldiler.

Olary Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Awaza kongresler merkezinde kabul etdi. Ilki bilen iki taraplaýyn duşuşyklar, soňra bolsa üç taraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen-azerbeýjan we türkmen-özbek gatnaşyklarynyň öň gazanylan netijelerine ýokary baha berildi, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Hususanda, bu döwletleriň arasynda söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr geçelgeleri hem-de energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.

Goňşy döwletleriň liderleriniň ýurdumyza iş saparlarynyň çäklerinde medeni çäreler hem boldy. Rowaç dynç alyş merkezinde geçirilen “Galkynyş” at üstündäki milli toparyň çykyşlary aýratyn täsirli boldy.

Şol çäreleriň dowamynda Gahryman Arkadagymyz türkmen-azerbeýjan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň nyşany hökmünde Azerbeýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewe “Tawus” atly nurana ahalteke bedewini, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe bolsa köşekli düýe sowgat berdi.

Dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden köp sagbolsun aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!


 

AWAZA - 2025