2025-nji ýylyň 4-8-nji awgustynda Hazaryň kenarynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we onuň çäklerinde guralan ugurdaş çäreleriň taryhy ähmiýeti dogrusynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmagynda giňişleýin söhbetli gepleşik guraldy we Arkadag teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Gepleşikde mugallymlar özleriniň hem bu halkara çärä gatnaşandyklaryny buýsanç bilen belläp, maslahatyň esasy maksadynyň — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady, ulag, energetika we ekologik mümkinçiliklerini giňeltmek, olaryň halkara söwda ulgamyna doly gatnaşmagyny üpjün etmekdigi barada gürrüň berdiler. Bu maslahat ýedi ugur boýunça gurnalyp, olaryň her biriniň any-mazmuny barada durup geçdiler. Geçirilen birnäçe forumlarda global meseleleriň çözgütleri, hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we halkara guramalarynyň goldawy bilen amala aşyryljak taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş eden mugallymlar forumlarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly birnäçe çäreler hem geçirilendigini bellediler. Halkara maslahata 32 döwletiň ýolbaşçylary, 47 kiçi ada döwletleriniň we 49 az ösen ýurtlaryň wekilleri bilen bir hatarda BMG-niň ýokary derejeli ýolbaşçylary, birnäçe halkara we sebit guramalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylary hem gatnaşandyklaryny beýan etdiler.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde guralan ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlaryndan we mugallymlaryndan düzülen meýletinçiler toparynyň hem gatnaşandygyny aýratyn belläp geçdiler. Meýletinçiler daşary ýurtly myhmanlara terjimeçilik, ýolbeletlik, maglumat goldawy, halkara protokol, medeniýetara aragatnaşyk, maslahatlary dolandyrmak ýaly dürli ugurlar boýunça hyzmat etdiler. Şeýle meýletinçiler toparynyň düzüminde birnäçe daşary ýurt dillerini bilýän talyp ýaşlaryň 300-den gowragy bellenilen ugurlar boýunça ýokary derejede hyzmat edendiklerini we bu halkara maslahatyň ýokary derejede geçmegine uly ýardam berendiklerini, şol sanda özlerine halkara derejede tejribe toplandyklaryny belläp geçdiler. Mundan başga-da, meýletinçiler bilen bir hatarda, ýaş wagyzçylaryň 20-den gowragy forumyň maglumat üpjünçiligine işjeň gatnaşandyklaryny bellediler.
Çykyş eden mugallymlaryň her biri bu halkara maslahatyň üstünlikli geçirilmegi ugrunda döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.