Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby BMG-niň LLDC3 Ýaşlar forumynda çykyş etdi

2025-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň gözel kenarynda ýerleşýän Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde geçirilýän Ýaşlar forumy öz işini “Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň geljegi üçin parahatçylyk we ynanyşmak köprülerini gurmak” atly tematiki nesillerara dialogy bilen dowam etdi.


TDBGI


Bu halkara derejedäki möhüm duşuşyga Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň 4-nji ýyl talyby we BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Ýaş ilçisi Yslam Saryjaýew hem gatnaşdy. Ol çykyşynda ýurdumyzyň ýaşlaryna buýsanç bilen wekilçilik edip, ýurdumyzyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esaslaryny berkitmekdäki ornuna ünsi çekdi.



TDBGI


Talybymyz çykyşynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (UNRCCA) Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasynyň uçurymy hökmünde ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky başlangyçlaryň sebitde durnuklylygy üpjün etmekde we ynanyşmagy ilerletmekde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Şeýle hem, ol ýaşlaryň global çözgütleriň döredilmegine goşant goşýan hereketlendiriji güýçdigini belläp geçdi.

Forumyň dowamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlardan gelen ýaşlaryň özara pikir alyşmagyna,  tejribelerini paýlaşmagyna giň mümkinçilik döredildi. Yslam Saryjaýew şeýle hyzmatdaşlygyň parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, inklýuziýa we durnukly ösüş boýunça umumy maksatlara ýetmegiň ýoludygyny belledi.

Bu halkara derejesindäki LLDC3 Ýaşlar forumy türkmen ýaşlarynyň halkara giňişligindäki işjeňligini we ukyp-başarnygyny görkezmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň halkara giňişliginde abraýynyň artmagyna hem mynasyp goşant boldy.


TDBGI


TDBGI


AWAZA - 2025