Germaniýa Federatiw Respublikasynda nemes dili kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary bilen Berkarar döwletimiziň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” bilim we ylym ulgamynda gazanýan üstünlikleri guwandyryjy netijeleri berýär. Häzirki wagtda ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak üçin birnäçe usuly işlere aýratyn üns berilýär we okuw maksatnamalary, okuw kitaplary mazmun taýdan baýlaşdyrylyp, okuw işlerine sanly serişdeler giňden ornaşdyrylýar. Halkara hyzmatdaşlygynda dünýäniň ösen döwletleriniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen  ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda netijeli işler ýola goýulýar we milli bilim ulgamynyň usulyýet binýady barha döwrebaplaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklerinden ugur alyp, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw jaýlarynyň talyplary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) 2025-nji ýyl Iş meýilnamasynyň çäklerinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde tomusky okuwlaryna gatnaşmak üçin talyp haklaryny gazandylar. 2025-nji ýylyň iýul-awgust aýlarynda DAAD maksatnamasy boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek tomusky okuwlara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyp ýaşlary gatnaşarlar. Bu okuwlar Germaniýa Federatiw Respublikasynyň iň ösen uniwersitetlerinde geçiriler. Germaniýa Federatiw Respublikasynda guraljak bu tomusky okuwlara Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Gozgalmaýan emläkleriň ekspertizasy we dolandyryşy taýýarlyk ugrynyň 3-nji ýyl talyby Akgaýew Emir Guwanjowiç nemes dilini okatmagyň döwrebap usulyýetini öwrenmeklige we Germaniýa Federatiw Respublikasy boýunça bilim derejelerini kämilleşdirmäge bagyşlanan okuwa saparyna  ýollanyldy we ol häzirki wagtda okuw saparyny dowam edýär.  

Şeýle okuwlaryň guralmagy we daşary ýurtlaryň ýokary hünär okuw mekdepleriniň arasynda alyş-çalyşlaryň ýerine ýetirilmegi, Türkmenistan döwletimiz bilen Germaniýa Federatiw respublikasynyň arasynda  ylym-bilim babatynda hyzmatdaşlyklaryň barha giňelmegine ýardam berýär.  Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlaryň dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary hünär mekdeplerine hünärlerini kämilleşdiriş okuwlaryna we dürli halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris. 

Eziz Annataganow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Okuw bölüminiň Önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy.