TALYP ÝÜREGINIŇ JOŞGUNY

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasaty netijesinde gün-günden ösýär, özgerýär. Ösüşlere beslenen döwletimizde ýaşlara okamaga, öwrenmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde biz — ýaşlaryň okuwa bolan höwesini artdyrmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde innowasion tehnologiýalaryň ösüşi durmuş hakykatyna öwrüldi. Bu günki ýaşlar iň ösen tehnologiýalary, sanly ulgamy ussatlyk bilen özleşdirýärler.

Men mekdepde okan döwrümde 2022-2023-nji okuw ýylynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» taslama-döredijilik basleşiginiň etrap tapgyrynda biologiýa dersi boýunça II orna mynasyp boldum. Heniz mekdep ýyllarynda wagtym gurluşyk, binagärlik ugurlaryndan ýokary bilim alyp, Watanymyzyň ösüşine goşant goşjak ýaşlaryň biri bolup ýetişmegi arzuw edýärdim. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp adyna mynasyp boldum we öz öňümde goýan beýik maksadyma ýetdim. Nesip bolsa, geljekde hem döredijilik ukyplarymy kämilleşdirip, öwredilýän ylymlary düýpli özleşdirip, saýlap alan hünärimiň eýesi bolup, Watanyma, halkyma tüýs ýürekden hyzmat etjekdigime ynandyrýaryn.

Biz ýaşlara bilim almak üçin şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaç bolsun!

Geldiýew Berdi, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyby