Türkmen döwlet binagälik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Önümçiligiň ykdysadyýeti we guralyşy (senagat pudagynda)” taýýarlygyň ugrynyň 2-nji ýyl talyplarynda “Menejment” dersinden STEM usulyýetini peýdalanyp okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagynda kärhananyň şertleriniň aýratynlyklaryny, dolandyryşyň tapawutly çözgütlerini kadalaşdyrmagy öwrenmek, sanly modelirleme arkaly taslama çözgütlerini döretmek meselelerine seredildi.
Bilişimiz ýaly, STEM (Science, Technology, Engineering, Mathematics) usulyýeti häzirki zaman bilim ulgamynda giňden ulanylýan täzelikçi çemeleşme bolup durýar. Bu usulyýet okuwçylaryň ylmy, tehnologiki, inženerçilik we matematiki başarnyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir. STEM usulyýeti teoriýadan has köpräk amaly usullara esaslanýar. Talyplaryň logiki pikirlenmek we problemalary çözmek ukybyny ösdürmäge kömek edýär. Bu usul arkaly geçirilen sapaklarda tejribe we taslama esasly öwreniş esasy orny eýeleýär.
Tehnologiýanyň çalt ösýän döwründe STEM bilimi talyplara has döredijilikli pikirlenmegi öwredýär. Hususan-da, inženerçilik we matematika STEM dersleriniň aýrylmaz bölegi bolup, ol has takyk we anyk çözgütleri tapmaga kömek edýär. Bu usulyň esasy aýratynlygy – dürli fanlary birikdirip, okuw prosesini has gyzykly we täsirli etmekdir. STEM usulyýeti bilen okadylan talyplaryň geljekde ylmy we tehnologiki ugurlar boýunça üstünlik gazanmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Onuň üsti bilen bilimine üns bermegiň ähmiýeti günsaýyn artýar. Bu usulyýetiň kömegi bilen, talyplaryň özbaşdak işlemek we toparlaýyn hyzmatdaşlyk etmek ukyby hem ösýär. Şeýle hem, STEM bilim beriş strategiýasy innowasion pikirliligi we işewürlik başarnyklaryny hem ösdürýär. Dünýäniň köp ýurtlarynda STEM usulyýetine esaslanyp, täze okuw maksatnamalary işlenip düzülýär. Netijede, STEM bilen bilim alan ýaşlar iş bazarynda uly isleg görýän hünärmenler bolup ýetişýärler. Şonuň üçin, STEM usulyýeti bilim ulgamynda geljegi uly strategiýa bolup, ýaş nesliň döwrebap bilim we endikler bilen enjamlaşmagyna itergi berýär.