Halkara tejribe – üstünlikli geljegiň ygtybarly binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş hünärmenleriň bilim derejelerini halkara derejesinde kämilleşdirmek, täze tehnologiýalar bilen tanyşdyrmak, öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň hünärmenlik tejribesiniň halkara derejesinde ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Şol mümkinçilikleriň netijesinde Türkmenistanyň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary dünýäniň ösen ýurtlarynda geçirilýän halkara okuwlara, forumlara hem-de maslahatlara yzygiderli gatnaşýarlar. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň mugallymy Jepbarow Şirmuhammet hem şu ýylyň 17-nji iýulyndan 30-njy iýuly aralygynda Hytaýyň Týanszin şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň senagat sebitleriniň gurluşygy we dolandyrylyşy» boýunça halkara seminara gatnaşdy.
Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetiniň goldamagynda we «China Aid for Shared Future» hyzmatdaşlygynyň çäklerinde guralan bu seminarda Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň — Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň hem-de Özbegistanyň ýaş hünärmenleri, gurluşyk we dolandyryş ulgamynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary özara tejribe alyşdylar. Okuw saparlarynyň, tematik maslahatlaryň hem-de tanyşdyrylyş sapaklarynyň çäklerinde gatnaşyjylar häzirki zaman senagat sebitleriniň gurluşygynda ulanylýan öňdebaryjy inžener-tehniki çözgütler, gurluşyk meýilnamalarynyň düzülişi, sanly dolandyryş ulgamynyň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Jepbarow Şirmuhammet seminaryň dowamynda binagärlik we gurluşyk meýilnamalarynyň halkara derejesindäki nusgalary bilen tanyşandygyny, häzirki zaman şäher gurluşygynda durnukly ösüş ýörelgeleriniň eýeleýän ornuny içgin öwrenendigini nygtady. Ol şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdy.
Türkmenistanyň ýaş hünärmenleriniň halkara ylmy we amaly gatnaşyklarynyň giňeldilmegi diňe bir olaryň şahsy ösüşi üçin däl, eýsem, ýurdumyzda gurluşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, innowasion çözgütleriň giňden ornaşdyrylmagy üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle halkara forumlar, okuwlar we tejribe alyşmalar ýurdumyzyň ýaşlarynyň dünýä derejesindäki bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen, ýurdumyzyň ösüşine hyzmat edýär.