WATANÇY ŞAHYRYŇ MEDENI SEÝILGÄHINE GEZELENÇ

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ak mermerli paýtagtymyzyň günorta böleginde beýikligi 60 metre deň bolan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy ylhamyň, döredijiligiň hem-de medeniýetli dynç alyşyň merkezine öwrüldi. Şu günler dowam edýän tomusky dynç döwründe Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda medeni gezelençde bolup, dag etegindäki türkmeniň dag kimin beýik ogly Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hem-de medeni-seýilgäh toplumynyň esasy ýodasynyň ugrunda jahanyň çar ýanynda umumadamzat gymmatlyklaryny wasp edýän eserleri döredip, sungat dünýäsinde öçmejek yz goýan ussatlaryň heýkellerini synladylar. Harby talyplar bu dostluk seýilgähine gelip, özlerini ruhubelent we joşgunly duýdular. Dostluk seýilgähindäki dünýä akyldarlarynyň we şahyrlarynyň döredijiligi harby-syýasy, pelsepewi, ylmy, parahatçylyk, watançylyk temalaryndan ugur alýar. Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatymyzyň şygyr hazynasyny hasyl edýän, özleriniň özboluşly, milli we halky häsiýetli döredijilikleri bilen dünýä edebiýatyna, onuň miras baýlygyna mynasyp goşant goşan şahsyýetlerimiz hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.  Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary medeni dynç alyş zolagynda Beýik akyldaryň Berkarar döwlet, özbaşdak ýurt, halkymyzyň agzybir, asuda we abadan durmuşda ýaşamagy, parahatçylyk we halklaryň dostlugy hakynda goşgularyny aýtdylar.

Magtymguly Pyragy – bu bir özboluşly dünýä. Beýik akyldaryň goşgularynda öz döwrüne kybap watançylyk, dost-doganlyk duýgulary, agzybirlik pelsepesi has-da güýçlidir. Ynsanyň iň gymmatly baýlygy Garaşsyz Watanyň kemlik edýändigi Söz ussadynyň döredijiliginde aýdyň şöhlelenýär. Medeni gezelençde bolan harby talyplar bütin ömrüni, Watany, halky halas etmeklige bagyş eden Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen içgin gyzyklandylar we onuň döredijiliginde watansöýüjiligiň, parahatçylygyň we dost-doganlygyň beýan edilýändigine hem-de milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýulýandygyna, ýene bir ýola göz ýetirdiler. Sözüň doly manysynda Magtymguly medeni seýilgäh zolagyna guralan medeni gezelenç harby talyplarda uly täsir galdyrdy.

 

Nurýagdy AKMÄMMEDOW, TDBGI-niň Raýat goranyşy fakultetiniň dekanynyň orunbasary, polkownik.