Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ylym-bilim ulgamyna berilýän uly üns bilen baglylykda, ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň nazary bilimleriniň önümçilik tejribesi bilen utgaşdyrylmagy möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplary “Gök guşak” meýdançasyna geodeziki işler boýunça okuw-önümçilik tejribesine gitdiler.
Bu tejribe okuwynyň maksady talyplaryň geodeziýa ylmynyň binýatlaýyn usullaryny, gurluşyk meýdançasynda ýerine ýetirilýän inžener-geodezik işleri hem-de döwrebap ölçeg enjamlary bilen işleşmegi amaly taýdan özleşdirmekden ybaratdyr. Talyplar tejribe döwründe ýer meýilnamasynyň çykarylmagy, belentlikleriň kesgitlenmegi, gurluşyk desgalarynyň koordinatlarynyň anyklanylmagy ýaly işleriň ýerine ýetirilmegine gatnaşdylar.
Meýdan tejribesinde “Leica” ýaly häzirki zaman geodeziýa enjamlary bilen işlemek boýunça giňişleýin okuwlar geçirildi. Talyplar ölçeg almagyň we maglumatlary işläp taýýarlamagyň ähli tapgyrlaryny özbaşdak ýerine ýetirmek mümkinçiligine eýe boldular. Şeýle-de, meýdan tejribesi wagtynda mugallymlar bilen bilelikde iş alyp barmak, toparlaýyn özara gatnaşygy güýçlendirmek ýaly inžener üçin möhüm bolan başarnyklar ösdürildi.