Ýol gurluşygy fakultetiniň Bäherden keramiki önümler kärhanasyna gurnan göçme okuw sapagy

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz günsaýyn ösýär we özgerýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 2025-nji ýylyň 12-nji martynda Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda täze desganyň - Bäherden keramiki önümler kärhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Kuwwatlylygy bir ýylda 3 million 300 müň inedördül metr keramiki-bezeg plitalaryny we 120 müň sany sanfaýans önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhanada dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary ornaşdyryldy.

Ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen  dünýä ölçeglerine laýyk gelýän,içerki we daşarky bazarlarda uly isleglerden peýdalanýan önümleri öndürýän,innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanalary yzygiderli gurulýar.

2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlary we talyplary Bäherden keramiki önümler kärhanasyna göçme okuwa gitdiler.

Göçme okuwyň dowamynda mugallymlar we kärhananyň hünärmenleri talyplara kuwwatly kärhanada ykdysady işleriň guralyşy, keramiki materiallary öndürmek üçin ulanylýan çig mal serişdeleri  we keramiki önümlerini öndürmek işleriniň tehnologiýasy barada gürrüň berdiler.

Șeýle hem talyplar bu ýerdäki önümçilik ișiniň tapgyrlary bilen hem ýakyndan tanyş boldular.

Fakultetiň mugallymlary tarapyndan șeýle göçme okuw sapaklary ýygy-ýygydan guralyp durýar. 

Seýle ajaýyp döwürde ýaşamaga, okamaga giň mümkinçilikleri doredip berýän Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly isleri elmydama rowaç alsyn.