Ylmy-amaly hyzmatdaşlygyň ösüşi

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyklar alnyp barylýar. 2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde Tatarystan Respublikasanyň Kazan milli barlag tehnologiýalar uniwersitetiniň çakylygy bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň gatnaşmagynda “Daşky gurşawy goramak we tehnosfera howpsuzlygyny üpjün etmegiň  çäklerinde häzirki zaman tehnologiýalary” atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Onlaýn ylmy-amaly maslahatynda “Senagat ekologiýasy” kafedrasynyň dosenti, tehniki ylymlaryň kandidaty Şamuhammet Saryýew we institutyň uly mugallymy Agamyrat Saparow “Türkmenistanyň suw üpjünçiliginde ýerli sorbentleri ulanmagyň mümkinçilikleri” temasy boýunça çykyş etdiler. Çykyşda ýerli çig mal bolan bentonidiň ekologiýa taýdan arassa suw arassalaýjy sorbent bolup durýandygy barada gürrüň berdi. 

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge ekologiýa bilimi barada çuňňur öwrenmäge döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlaryny aýtdylar.