Gurluşyk okuw merkezi

Gurluşyk okuw merkezi (GOM) institutyň Binagärlik-gurluşyk we Ýol gurluşygy fakultetleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň esasynda döredildi we bu fakultetleriň talyplary we alymlary üçin gözleg bazasydyr.

Gurluşyk okuw merkeziniň (GOM) esasy maksady, okuw meýilnamasynyň, öňde baryjy ylmy işläp düzmeleriň, usulyýetleriň we inžener-tehniki innowasiýalaryň esasynda binalary we desgalary gurmak boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň (TDBGI) talyplaryny amaly, barlaghana we ylmy-barlag işlerine çekmekden ybaratdyr.

GOM-yň esasy meselesi TDBGI-niň okuw, ylmy we önümçilik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak we GOM-yň barlaghana-synag bazasyny kämilleşdirmek.

Amaly, tejribe sapaklaryny we ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin GOM ähli zerur gurallar we enjamlar bilen üpjün edilen.

GOM-da daş işleri boýunça amaly sapaklar geçirilýär. Ilki başda kerpiç modellerinde berkidiş ulgamy öwrenilýär, soňra alnan bilimler berkidilýär we hakyky önümçilikde ýerine ýetirilýär. Hakyky kerpiç örümi palçyk ergini bilen amala aşyrylýar. img

Gurluşyk okuw merkeziniň işiniň esasy ugurlary:

  • - gurluşyk materiallarynyň hiline gözegçilik;
  • - gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny (beton, kerpiç, daş, metal we ş.m.) synag etmek;
  • - betonda armaturanyň ýagdaýyny barlamak, poslama garşylygyny ýokarlandyrmak usullaryny işläp düzmek;
  • - çägäniň we çagylyň hiline baha bermek;
  • - beton we demirbeton önümlerini öndürmek üçin täze tehnologiýalary işläp düzmek;
  • - binalaryň we desgalaryň monitoringi we barlagy;
  • - betonyň berkliginiň synagy, topragy barlamak, kerpijiň, blogyň, daşyň synagy;
  • - agyr we ýeňil betonlaryň barlagy;
  • - beton üçin dolduryjylar;
  • - gurluşyk erginleri, gury gurluşyk garyndylary;
  • - bitum we onuň esasyndaky materiallar: asfalt betony, üçek we gidroizolýasiýa materiallary;
  • - ýylylyk izolýasiýa materiallary;
  • - diwar materiallary: keramiki we silikat kerpiçler we daşlar;
  • - polimer materiallar;
  • - tebigy we zyňyndy suwlary arassalamak we hiline gözegçilik etmek;
  • - gurluşyk materiallaryny öndürmek we hilini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri işläp düzmek.

img

GOM-yň esasy funksiýalary:

  • - okuw meýilnamasyna laýyklykda tejribe we amaly sapaklar geçirilende gurluşyk materiallaryny we önümlerini öwrenmek we synagdan geçirmek;
  • - binalary gurmak üçin garyndylaryň düzümini saýlamak;
  • - kerpiç örümini ýerine ýetirmek;
  • - plastik penjireleri we gapylary oturtmak;
  • - fundament üçin armatura karkasyny berkitmek;
  • - talyplar ylmy barlaglary ýerine ýetirende materiallary synag etmek we garyndylaryň düzümini saýlamak;
  • - inženerçilik we konstruktorçylyk endiklerinden baş çykarmak boýunça talyplary başlangyç taýýarlamak;
  • - suw üpjünçiliginiň we ulanylan suwy akdyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin onuň tehnologiýasyny we desgalaryny öwrenmek;
  • - talyplaryň ylmy-barlag işleriniň netijelerini durmuşa geçirmek;
  • - institutyň kafedralarynyň okuw prosesini tehniki taýdan üpjün etmek boýunça işleri ýerine ýetirilmek;
  • - institutyň ylmy innowasion toplumynyň bölümleri üçin işgärleri taýýarlamak boýunça başlangyç okuwlary geçirmek;
  • - institutyň talyplaryny innowasion işlerine çekmek.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: 744025, Aşgabat, Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy, GOM binasy.
    Tel: (+ 99312) 28-18-38, 28-18-43, 28-18-19
    Faks: (+99312) 28-18-01

Habarlaşmak üçin maglumatlar