Türkmen-Hindi okuw-önümçilik merkezi
“Türkmenistanyň hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Aşgabatdaky türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezini döretmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama” Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Aşgabatdaky Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezini döretmek boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň” çäklerinde Hindistanyň Halkara maşyn-enjamlaryny öndürýän Döwlet HMT(I) Limited kompaniýasy bilen 2002-nji ýylyň dekabr aýynyň 11-den bäri hyzmatdaşlygy saklaýar.
Hindistanyň Halkara maşyn-enjamlaryny öndürýän Döwlet HMT(I) Limited kompaniýasy Hindistanyň Agyr senagat we Döwlet kompaniýalar ministrliginiň kompaniýasydyr. Kompaniýanyň öndürýän gara we reňkli metallary dürli görnüşlerde işläp bejerýän maşyn-enjamlary dünýäniň köp döwletlerinde tanalýar. 2015-nji ýylyň 8-nji aprelinde “Türkmenistanda Aşgabatdaky Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezini gowulandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hindistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama” gol çekildi. Bu Ähtnamanyň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezine gara we reňkli metallary dürli görnüşde işläp bejerýän häzirki zaman maşyn-enjamlary getirildi we önümçilige ornaşdyryldy.
Häzirki wagtda bu maşyn-enjamlar doly önümçilige goýberildi we “Göteriji, äkidiji, gurluşyk, ýol maşynlary we enjamlary”, “Himiýa önümçiliginiň gurluşyk materiallary kärhanalarynyň maşynlary we apparatlary”, “Metallary basyş bilen işläp taýýarlamak” we “Senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy” hünärleriniň talyplarynda ýörite hünär dersleri boýunça okuw-önümçilik we taslama işlerini geçirmek maksady bilen ulanylýar.