Kompýuter hasaplaýyş merkezi

Kompýuter hasaplaýyş merkeziniň işiniň esasy ugurlary

Kompýuter hasaplaýyş merkezi (KHM), Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň (TDBGI) düzüm bölegi bolup, institutyň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryna esaslanýan bilim prosesine, gözleglerine, administratiw we dolandyryş işlerine maglumat we tehniki goldaw berýär. img

KHM-nyň esasy wezipesi, institutyň işiniň esasy ugurlary boýunça netijeli işlemegi üpjün etmek üçin häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we alyp barmakdan ybaratdyr.

KHM aşakdakylar üçin niýetlenendir:

  • - kompýuter otaglarynda okuw prosesini üpjün etmek;
  • - institutyň düzüm böleklerinde kompýuter tehnikasyna hyzmat etmek;
  • - institut boýunça hasaplaýyş tehnikasyny we sarp ediş materiallaryny, printerleri we göçürijileri satyn almak üçin spesifikasiýalary düzmek;
  • - institutyň dolandyryş hyzmatlary gulluklarynyň işini awtomatlaşdyrmak;
  • - kompýuterleriň ýagdaýlarynyň içki auditini alyp barmak;
  • - institutyň mugallymlarynyň we işgärleriniň kompýuter hünär derejesini ýokarlandyrmak.

KHM-niň önümçilik işleri:

  • - merkeziň kompýuter otaglarynda okuw prosesini üpjün etmek, okuw sapaklarynda ulanylýan hasaplaýyş we ofis enjamlaryny iş ýagdaýynda saklamak;
  • - ýokary okuw mekdebiniň bölümlerinde işleýän we merkeziň balansynda durýan enjamlaryna we programma üpjünçiligine hyzmat etmek;
  • - ähli bölümler üçin amaly we ýöriteleşdirilen programma üpjünçiligini dolandyrmak;
  • - institutyň ähli bölümlerine kompýuter enjamlaryny satyn almak üçin sargytlary ýygnamak we spesifikasiýa düzmek;
  • - institutyň dürli gulluklarynyň işini awtomatlaşdyrmak, täze ulgamlary ornaşdyrmak we bar bolanlaryny goldamak bilen baglanyşykly işleri üpjün etmek;
  • - kompýuter merkeziniň kompýuter bazasyna hyzmat etmek we ösdürmek, öňdebaryjy we has ösen iş usullaryny işläp düzmek we durmuşa geçirmek;
  • - ýokary okuw mekdebinde kompýuterleri satyn alynmagynyň hasabatyny ýöretmek, enjamlary beýleki bölümlere geçirmek, enjamlary hasapdan çykarmak;
  • - institutyň hemme düzüm bölekleri üçin printerleriň, kserokslaryň (göçürijileriň) sarp ediş materiallaryny satyn almak üçin sargytlary ýygnamak we spesifikasiýalary düzmek, katrijleri doldurmak;
  • - kompýuter tehnikasyny abatlamak we hyzmat etmek boýunça fakultetlere we bölümlere maslahat we kömek bermek;
  • - institutyň talyplarynyň laboratoriýa we amaly sapaklary, kurs we diplom taslamalaryny ýerine ýetirilmeklerini we merkeziň kompýuter otaglaryndan Internete girilmegini üpjün etmek;
  • - institutyň mugallymlarynyň we işgärleriniň maglumat tehnologiýalary boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak.

KHM hojalyk işleri:

  • - kompýuter tehnologiýalaryny öwretmek, programmirleme dillerini ösdürmek, torlary öwrenmek boýunça institutyň bölümlerine hyzmatlar etmek;
  • - talyplara, mugallymlara we işgärlere kompýuter enjamlarynda we internetde işleri geçirmek üçin maglumat we kompýuter hyzmatlaryny etmek;
  • - KHM-nyň kompýuter enjamlarynda talyplaryň test synaglaryny geçirmek;
  • - ýazmak, tekstleri we çyzgylary printerde we plotterde çap etmek, sahypalamak we skanirlemek boýunça hyzmatlary etmek;
  • - göçürme boýunça hyzmatlary etmek.

KHM-nyň esasy wezipeleri:

  • - institutyň okuw prosesinde, administratiw-hojalyk we ylmy-barlag işlerinde ulanmak üçin täze maglumat tehnologiýalaryny seljermek, ekspert netijesini çykarmak we teklipleri işläp düzmek;
  • - sapak we okuwdan boş wagtlarynda TDBGI-niň kompýuter otaglarynyň talyplar tarapyndan ulanylyşyna gözegçilik etmek;
  • - täze maglumat tehnologiýalaryny işläp düzmek we olary okuw prosesine ornaşdyrmak (okuwy kompýuterleşdirmek);
  • - kompýuter otaglarynda okuw prosesine goldaw bermek;
  • - internete girmekligi üpjün etmek;
  • - ýerli kompýuter torlaryny taslamak we ornaşdyrmak;
  • - regional kompýuter torlaryny, şeýle hem merkezleşdirilen hasaplama tehnikasynyň ulanylmagy bilen bagly regional programmalary işläp düzmeklige gatnaşmak we global kompýuter torlaryna girmekligi üpjün etmek;
  • - institutyň hasaplaýyş kuwwatlarynyň optimal ulanylmagyny üpjün etmek;
  • - programma önümlerini goldaýan hemişe hereket edýän gullugyň işiniň netijeliligini üpjün etmek (işgärleri, mugallymlary, talyplary taýýarlamak we maslahat bermek boýunça teklipleri işläp düzmek);
  • - hasaplaýyş tehnikasyna hyzmat etmek we abatlamak;
  • - instituty sanly dolandyrmak ulgamyny işläp düzmek we ony gollamak.

Habarlaşmak üçin:

  • Salgysy: 744025, Aşgabat ş., Baba Annanow köçesiniň 136-njy jaýy, “G” bina, 3-nji gat, otag 318.
    Tel: (+99312) 28-18-33
    Faks: (+99312) 28-18-01

Habarlaşmak üçin maglumatlar