Žurnallarda we ýygyndylarda çap etmek üçin ylmy makalalara bildirilýän
TALAPLAR
1. Makalanyň awtory 3-den köp bolmaly däldir. Makalanyň mazmuny özbaşdak ylmy-barlag häsiýetli we ady bilen kybapdaş bolmaly;
2. Makalanyň möçberi A4 (210x297 mm) formatda, 3,5 - 5 sahypa bolmaly;
3. Sahypa ölçegleri: ýokary we aşak taraplarda - 2,0 sm, çep tarapda - 2,5 sm, sag tarapda - 1,5 sm. Oriýentasiýasy - «kitap» görnüşli, şrifti - Times New Roman, ölçegi -14 pt, setir arasy - 1.
4. Elektron görnüşde tabşyrylýan ähli materiallar diňe Microsoft Office Word formatynda kabul edilýär (*.doc we *.docx giňeltmesi bilen);
5. Makalany annotasiýalar bilen tamamlamaly (golsuz, möhürsiz);
6. Awtoryň ady, familiýasy setiriň çep tarapy boýunça deňlemek bilen 14-lik şriftde goýy gara ýazylmaly (Mysal üçin: Nurmyrat Ataýew), aşagynda kursiwde institut, işleýän wezipesi görkezilmeli (nusga seret);
7. Makalanyň ady - baş harplar bilen setiriň merkezi boýunça deňlenilmeli we adaty 16-lyk şriftde goýy gara görnüşde ýazylmaly;
8. Makala we annotasiýalar setiriň ini boýunça deňlenilýär we sahypalary belgilenilmeýär. Matematiki formulalar degişli formula redaktorlarynyň kömegi bilen ýazylmaly;
9. Edebi çeşmelere salgylanmalar inedördül ýaýyň içinde sanlar bilen belgilenilýär: [1], [2], [3-5] we ş.m. Edebiyatlaryň sanawy işde salgylanylan tertipde, makalanyň gysgaça beýanynyň ahyrynda ýerleşdirilmeli, olaryň öň ýanyndan EDEBIÝAT diýen sözbaşy ýazylmaly;
10. Bildirilýän talaplara we şertlere laýyk gelmeýän makalalar kabul edilmeýär.
Makala tabşyrlanda bolmaly resminamalar:
1. Ylmy makala - 2 nusgada;
2. Gysga beýan - iňlis we rus dillerinde, terjimesi tassyklanan bolmaly;
3. Syn - 2 sany (içki we daşky);
4. Ekspert netijesi (gizlin maglumatlaryň ýoklugy hakynda);
5. Alymlar geňeşiniň mejlisiniň beýanynyň göçürmesi;
6. Awtorlar hakynda maglumat;
7. Makalanyň we gysga beýanlaryň elektron görnüşi.