Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2022-nji ýylyň 16-21-nji maýy aralygynda ylmy, innowasion festiwal geçirilýär

Festiwala gatnaşmaklyga bildirilýän talaplar

1.Festiwaly guramagyň we geçirmegiň tertibi

1.1. Festiwal şu aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär.

       - Modelleri düzmek we konstruirlemek;

       - Inženerçilik işläp düzmeler;

       - Robototehnika we emeli intellekt;

       - Programmirleme.

1.2. Modelleri düzmek we konstruirlemek ugry boýunça awtomobilleriň, suw ulagynyň dürli görnüşleriniň, gämiler we uçuş apparatlarynyň hereket edýän modelleri hem-de ulag serişdeleriniň masştaplaşdyrylan nusgalary hödürlenip bilner.

1.3. Inženerçilik işläp düzmeler ugry boýunça dürli tehniki gurluşlar we düzümler.

1.4. Robototehnika we emeli intellekt ugry boýunça elýeter serişdelerden ýasalan robotlar we robototehniki gurluşlar hem-de emeli intellektiň önümleri.

1.5. Ykdysadyýetiň we halk hojalygynyň dürli ugurlarynda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň programma üpjünçiligi. Awtomobilleriň, gämileriň, uçuş enjamlarynyň we dürli tehniki gurluşlaryň we düzümleriň 3D-modelirleme programmalarda düzülen modelleri.

Hödürlenen taslamalary bahalandyrmagyň görkezijileri:

       - taslamalaryň ylmylygy, düşnükliligi we taslama berilýän düşündürişiň esaslandyrylyşy;

       - taslamanlaryň ýerine ýtirilişiniň özbaşdaklygy we çylşyrymlylyk derejesi;

       - tehniki we tehnologiki çözgütleriň gutarnyklylygy;

       - taslamalaryň özboluşlylygy we estetiki sypatlandyrylyşy.

2. Gatnaşmagyň tertibi

2.1. Inžener-tehniki işlere ýykgyn edýän, konstruktorçylyk pikirleri bolan zehinli orta mekdepleriniň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary şahsy bäsleşik tertibinde hem-de toparlaýyn gatnaşyp bilerler. Toparlaýyn gatnaşýanlaryň sany 5-den köp bolmaly däl.

2.2. Hödürlenýän taslamalara (2-den köp bolmadyk) mugallymlar, önümçilik işgärleri ýolbaşçylyk edip bilerler.

2.3. Festiwala tejribe ähmiýeti bolmadyk (referat görnüşdäki) taslamalar kabul edilmeýär.

2.4. Festiwala hödürlenýän taslamalaryň gaýry awtorlaryň goşandy bar ýerinde salgylanmalar hökmanydyr. Salgylanmalar bolmadyk ýagdaýynda ol göçürme ýa-da plagiat hökmünde kabul ediler.

2.5. Taslama gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar tdbgi.festiwal@gmail.com bellenen nusgadaky görnüşi dolduryp ugratmak arkaly hasaba alynýar.

2.6. Gatnaşyjynyň hasaba alnandygy baradaky maglumat ýüz tutan tarapa ugradylýar.

2.7. Hödürlenýän taslamalar baradaky maglumat hem-de düşündiriş prezentasiýanyň ýany bilen ugradylmaly.

2.8. Hödürlenýän taslamanyň amaly häsiýetini açyp görkezýän maglumat hem-de düşündiriş prezentasiýasy, wideo şekiller 2022-nji ýylyň 10-njy maýyna çenli tdbgi.festiwal@gmail.com ugradylmaly.

2.9. Guramaçylyk topary festiwala hödürlenen işleriň deslapky seljeriş işlerini geçirýär.

2.10. Her welaýatyň we Aşgabat şäheriniň orta okuw mekdeplerinden 5 sany, her ýokary okuw mekdebinden 3 sany iň gowy taslamalar Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 2022-nji ýylyň 16-21-nji maýy aralygynda geçiriljek ylmy, innowasion festiwala çagyrylar.

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň, ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylmy-innowasiýa, döredijilik festiwalyny guramak we geçirmek hakynda DÜZGÜNNAMA

Habarlaşmak üçin maglumatlar