Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2026-njy ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Materiallaryň garşylygy” dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirýär. Ähli ýokary okuw mekdepleriň talyplaryny bu olimpiada gatnaşmaga çagyrýar. Bu halkara olimpiadasy, dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda ylym we bilim hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, zehinli ýaşlary kesgitlemäge, teoretiki bilimlerini we amaly başarnyklaryny ýokarlandyrmaga we tejribe alyşmaga goşant goşar.
“Materiallaryň garşylygy” dersinden V Açyk halkara internet olimpiadasynyň resmi dilleri türkmen, rus we iňlis dilleridir. Olimpiada islendik ýokary okuw mekdebiniň, islendik hünäriň we okuw ýylynyň talyplary gatnaşyp bilerler.
Halkara internet olimpiadasyna gatnaşmak isleýän talyplar baradaky maglumatlaryň hasaba alnyşy şu salgyda ýerleşýän ýörite formasy üsti bilen amala aşyrylar. Hasaba alyş formasyny doldurylandan soň, ony 2026-njy ýylyň 15-nji martyna çenli tdbgiobolymp@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly.
Habarlaşmak üçin: Tel: (+99312) 28-18-05, +99365 68-86-50, +99365 15-18-99, +99361 88-82-61, +99365 81-44-82, +99365 56-07-12; e-poçta: tdbgiobolymp@gmail.com