Kartografiýa boýunça I internet ders bäsleşiginiň netijeleri

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkiçiligi bolan giň gözýetimli, dünýägaraýyşly, maksada okgunly, watansöýüji, ruhubelent, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, dünýäniň öndebaryjy tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmak, halkara we döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine talyplaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak maksady bilen, şeýle-de “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerinden ugur alyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Geodeziýa” kafedrasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Kartografiýa” boýunça I internet ders bäsleşigi geçirildi.


TDBGI


Bu ders bäsleşigine ýurdumyzyň 21 sany ýokary okuw mekdeplerinden 105 sany talyp gatnaşyp, olaryň birnäçesi baýrakly orunlara mynasyp boldular.


TDBGI


Talyplaryň arasynda şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup, bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, ýaşlarda häzirki zaman kompýuterlerden, okuw tehniki enjamlary bolan interaktiw-multimediýa tehnologiýalaryndan kämil baş çykarmakda, ussat hünärmenleri taýýarlamakda badalga berer.


TDBGI


Bäsleşigiň netijelerini şu salgydan görüp bilersiňiz!