Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň hormatly talyplary!
Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk instituty ýurdumyzyň talyplarynyň arasynda Kartografiýa boýunça I Internet olimpiadasynyň geçirilýändigini yglan edýär.
"Geodeziýa" kafedrasy tarapyndan guralýan bu olimpiada talyplaryň hünär taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak, şeýle hem olaryň döredijilikli ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär. Esasy wezipe — ýokary okuw jaýyny halkara bäsleşiklerde üstünlikli görkezip biljek zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdyr.
Esasy maglumatlar:
Arza tabşyrmagyň iň soňky möhleti (topardan): 2025-nji ýylyň 10-njy dekabryna çenli tdbgi.kartografiya@gmail.com e-poçta salgysyna.
Ähli hünärlerde okaýan talyplary bu bäsleşige gatnaşmaga we bilim derejesini görkezmäge çagyrýarys!
Olimpiadanyň jikme-jik düzgünnamasy bilen tanyşmak üçin şu salga geçiň.