Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Sizi 2025-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçiriljek “Gurluşyk we senagat toplumynyň ylmy-innowasion ösüşi-bagtyýar geljegiň kepili” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrýar. Ylmy-amaly maslahatynyň resmi dili: türkmen, rus we iňlis dilleri.
Maslahatyň maksady – binagärlik-gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan häzirki zaman ylmy barlaglaryň, tehnologik innowasiýalaryň we tejribeleriň paýlaşylmagydyr.
Maslahatda çykyş etmek üçin hödürlenýän mowzuklar aşakdaky ugurlary öz içine alýar:
Maslahata gatnaşmak isleýän alymlardan, inžener-hünärmenlerden we ylmy-tehniki jemgyýetçiligiň wekillerinden öz çykyşlaryny we degişli resminamalary görkezilen tertiplere laýyklykda tabşyrmak haýyş edilýär.
“Gurluşyk we senagat toplumynyň ylmy-innowasion ösüşi-bagtyýar geljegiň kepili” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmagyň
Ş E R T L E R I
Türkmenistanly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary hasaba alnyş görnüşi (daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin)
Familiýasy |
|
Ady |
|
Atasynyň ady |
|
Wezipesi |
|
Alymlyk derejesi, ady |
|
Işleýän ýeriniň doly ady |
|
Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli) |
|
Iş telefony, elektron salgysy |
|
Nutugyň ady (baş harplar bilen ýazmaly däl) |
|
Nutugyň tematiki ugry |
|
Nutuk haýsy dilde taýýarlandy |
3.1. Halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylaryň nutuklarynyň annotasiýalarynyň türkmen diline terjimesi Guramaçylyk topary tarapyndan ýerine ýetiriler.
3.2. Halkara ylmy-amaly maslahata ýerli gatnaşyjylar annotasiýanyň iňlis we rus dillerine terjimelerini ýokary okuw mekdepleriniň degişli kafedralarynda ýa-da terjime edaralarynda tassyklatmaly.
Nutuklaryň gysgaça beýanlaryna we annotasiýalaryna bildirilýän
T A L A P L A R
Habarlaşmak üçin: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
tel: (+99312) 28-18-04; (+99365) 81-44-82; (+99365) 50-67-58;
faks: (+99312) 28-18-01;
elektron poçta: ylym.tdbgii@gmail.com; amanarazow2@gmail.com;
Halkara maslahata gatnaşmaga isleg bildirýänler öz tezislerini we annotasiýalaryny (kagyz we elektron görnüşinde) 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryna çenli ibermegiňizi haýyş edýäris.
Guramaçylyk topary