Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” 15-nji aprelinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bilim alýan talyp gyz-gelinleriň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, zyýanly endikleriň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek maksady bilen “Arassaçylyk saglygyň sakasydyr” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda talyp ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bilen, ýokanç we möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin arassaçylyk-päkizelik işlerini öz wagtynda we talabalaýyk alnyp barylmalydygyny bellenip geçildi. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek babatynda ýurdumyzda tutumly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.