Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Kärdeşler arkalaşyklary guramasy tarapyndan, 2025-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň 28.03.2025ý. №7-8g belgili kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamalaýyn wezipelerini berjaý etmek, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmak we sagdyn durmuş- ýörelgelerini wagyz etmek hem-de zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmäge ýardam bermek, ata Watanymyzy ykdysady taýdan has-da ösdürmäge gönükdirilen işleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşine degişli edara-kärhanalarda zähmetkeşleriň zähmetini we olaryň saglygyna bolan hukugyny goramak, edara- kärhanalarda işgärlere sagdyn, howpsuz zähmet şertleriniň döredilşine, tehniki hem- de ekologiya howpsuzlygynyň doly derejede berjay edilşine, zähmeti goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň ýerine ýetirilşine ünsi çekmek maksady bilen, institutyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan talyp oglan-gyzlaryň arasynda okuw binalarynyň we umumy ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregini arassalamak we bagy-bossanlyga öwürmek boýunça köpçülikleýin ýowar hem-de düşündiriş-terbiýeçilik ähmiýetli wagyz-ündew işleri geçirildi.
Geçirilen işleriniň dowamynda, talyplara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň alyp barýan wezipeleri we iş berijileriň zähmeti goramak barada alyp barýan işleri hem-de umumy ýaşaýyş jaýynda tertip-düzgüniň berk berjaý etmek, ekologiya howpsuzlygyny, guramaçylyk-tehniki we sanitariýa-arassaçylyk talaplaryny üpjün etmek, elektrik enjamlaryny talabalaýyk ulanmak, betbagtçylykly hadysalaryň, ýol-ulag we ýangynyň döremegi bilen bolup geçýän hadysalaryň öňüni almak, suwy tygşytly ulanmak barada giňişleýin mysallary getirmek arkaly düşündirildi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Kärdeşler arkalaşyklary guramasynyň başlygy : B.Myratberdiýew