Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek tagallalaryndan ugur alyp, 2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň takyk we daşary ýurt derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 77-nji orta mekdepde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda göçme okuw sapagy geçirildi.
«Geodeziýa» kafedrasynyň mugallymlary gurluşyk meýdançasynda geçirilýän geodezik işleriniň görnüşleri bilen bir hatarda, gurulýan jaýlaryň, binalaryň, desgalaryň dürli görnüşleri we olarda ýerine ýetirilýän işleriniň tapgyrlary, olara görä gurluşyk we geodezik işleriň tehnologiýalary, gurluşyk işlerinde ulanylýan häzirki zaman enjamlar barada giňişleýin gürrüň berdiler.