“GYZ GÖZELLIGI EDEBINDE” ATLY WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň aprel aýynyň 11-ne, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň bilelikde gurnamaklarynda hormatly Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynda müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasyny hem-de maddy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmek, ýaşlaryň arasynda ene-mamalarymyzdan dowam edip gelýän milli däp-dessurlary, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy, maşgala ojagyna wepalylygy, asyllylyk, arassa ahlaklylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda “Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

        Bu geçirilen çärä  dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanlar, institutymyzyň mugallymlary we talyp gyzlary gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler öz çykyşlarynda pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, maşgala mukaddesligini, milli nagyşlaryň taryhy barada milli gymmatlyklarymyzyň häzirki döwürde ýerine ýetiriliş aýratynlyklary dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

        Dabaranyň dowamynda institutyň “Bagtyýarlyk binasy” aýdym saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlar ýaňlandy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.