2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden saýlanan meýletinçiler we terjimeçiler üçin tassyklanan meýilnama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde sanly ulgam arkaly umumy okuw sapagy geçirildi.
Bu onlaýn okuw sapagyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty boýunça saýlanan meýletinçi we terjimeçi talyplar işjeň gatnaşdylar. Onlaýn sapagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary “Türkmenistanyň umumy häsiýetnamasy. Tebigy howa şertleri, geografiki ýerleşişi we ilaty” temadan, şeýle hem “Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň umumy häsiýetnamasy” diýen temadan çykyş etdiler.
Şeýle hem, şol gün ýaş wagyzçylar bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ylmy işler boýunça prorektory G. Penaýewiň “Globallaşma şertlerinde Türkmenistanyň üstaşyr ulag logistika geçelgeleriniň sebitiň ykdysadyýetine täsiri” atly temada çykyş etmeginde sanly ulgam arkaly okuw sapagy geçdi. Bu onlaýn okuw sapagyna gatnaşan wagyzçylar özlerine gerekli möhüm maglumatlary aldylar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyňMeýletinçiler merkezi